“Demirgazyk-Günorta” demirýol geçelgesi boýunça Türkmenistana konteýner otlusy geldi

Published: 16 , 2020

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýardam bermeginde Hytaýdan “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi boýunça Gazagystanyň çäginden Türkmenistana 40-futlyk 48 sany konteýnerden ybarat bolan konteýner otlusy geldi. TULM-da “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berlişi ýaly, şu ugur boýunça konteýner otlusy ýoly ortaça iki hepdäniň dowamynda geçýär. Bu otlynyň gatnawyny ýola goýmaga Gazagystanyň “КТZ Express” paýdarlar jemgyýeti we Türkmenistanyň “Türkmen Ak Ýol” hojalyk jemgyýeti hem ýardam etdi. Ýoluň umumy uzynlygy 8 müň 746 kilometr bolup, şonuň Türkmenistanyň çägi boýunça “Serhetýaka-Änew” bölegi 712 kilometre, Gazagystanyň çägi boýunça “Altynköl-Bolaşak” bölegi 3 müň 450 kilometre we Hytaýyň çäginden “Sindao-Horgos” aralygy 4 müň 584 kilometre deňdir. Şu ýylyň 12-nji awgustynda TULM “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi boýunça Hytaýa polipropileni ugratmaga ýardam etdi. 40-futlyk 42 sany konteýnerden ybarat bolan ilkinji konteýner otlusy bu ýük bilen Türkmenbaşy deňiz portundan ugradyldy. TULM şeýle gatnawlary yzygiderli amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa mundan beýläk-de Türkmenistanyň halkara demir ýol gatnawlarynyň işine hem-de beýleki ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine öz goşandyny goşmagy maksat edinýär.