logo
Bize jaň ediň +99312 94 22 33
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ş.7

Logistika we marketing
Bölüm

Bölüm

Logistika we marketing

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň Logistika we Marketing bölümi, jemgyýetiň açylan gününden bäri täze müşderileriň gözleginde bolup, jemgyýetiň hyzmatlaryny doly ýagdaýda müşderilere hödürläp gelýär. Internet ulgamy arkaly Ulag-logistika bazaryndaky günlük hereketler öwrenilýär. Ata Watanymyz Türkmenistan, üstaşyr geçelgeleriň çatrygynda oturandygy sebäpli, Logistika we Marketing bölümi Diýarymyzyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini maksimum şekilde ulanmaga gaýrat görkezýär.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň Logistika we Marketing bölümi, müşderilerine, jemgyýetiň esasy bölümleri bolan Demir ýol gatnawlary bölümi we Multimodal gatnawlary bölümleriniň hyzmatlary barada hem maslahat we maglumat berýär. Logistika we Marketing bölümi dowamly ýagdaýda müşderiler bilen aragatnaşykda bolup, jemgyýetiň müşderilerine teklip edýän hyzmatlary, ýeňillikleri we goşmaça mümkinçilikleri müşderilerine habardar edip durýar.

Global dünýämizde mahabat uly güýç we orun eýeleýar. “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” öz işine itergi berjek güýç hökmünde mahabaty ulanýar. Şol maksada esaslanyp, bölümiň işgärleri jemgyýetiň mahabatyny gün-günden özgerdýärler.