logo
Bize jaň ediň +99312 94 22 33
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ş.7

Demir ýol gatnawlary
Bölüm

Bölüm

Demir ýol gatnawlary

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Demir ýol gatnawlary bölümi resmi ýagdaýda yglan edilen ekspeditoryň hukugyndan peýdalanyp, ýükleri demir ýol boýunça ugratma-ýollama işlerini amala aşyrýar. Türkmenistanyň çägi boýunça eksport, import we tranzit ýükleri daşamak üçin iň pes (minimal) demir ýol nyrhnamalaryny (tariflaryny) hödürleýär we şuňa laýyklykda, Türkmenistanyň çägi boýunça ýük daşamagyň demir ýol nyrhnamalarynyň bahasyny hasaplap, gysga wagtyň dowamynda öz hyzmatlaryny müşderilere hödürleýär. Demir ýol boýunça ýük daşamagy taýýarlap resmileşdirmek bilen bagly her bir anyk ýagdaý barada meseleleriň giň spektri boýunça maglumatlary tiz alyp, müşderileri maslahatdyr teklipleri berýär.

GDA, Baltiýa, Eýran, Owganystan, Hytaý, Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlaryň ekspeditor kompaniýalary bilen gazanylan hyzmatdaşlyklar esasynda şol ýurtlaryň çäginde minimal we gyssagly hasaplanan demir ýol nyrhnamalary (tariflary) boýunça ýük daşamak boýunça tekliplerini, hyzmatlaryny hödürleýär. Mundan başga-da howply, gabara sygmaýan we agramly, şeýle hem ýük daşalşynda aýratyn şertleri talap edýän ýükleri daşamak, Demir ýol stansiýalarynda ýükleri ugratmak, almak we bir salgydan başga salga ugratmak hem-de wagonlary ugratmaga meýilnama bermek hyzmatlary ýerine ýetirýär. Tranzit ýük daşaýyşlar gurnalanda serhetden geçişine gözegçiligi amala aşyrýar şeýle hem, dar aralykly demir ýoldan giň aralykly demir ýola geçilende we yzyna gaýdanda ýükleri birinden-beýlekisine ýüklemek meselelerini hem ünsden düşürmeýär.