Ulag-üstaşyr geçelgelerini mümkinçiliklerini giňden ulanmak

Paýlaşylan wagty: 21 Oktýabr, 2021

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzyň çäginden geçýän ulag-üstaşyr geçelgelerini mümkinçiliklerini giňden ulanmak bilen bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirýär.

Russiýa Federasiýasy hem-de Gazagystan Respublikasyndan ugradyljak bugdaý ýükleri demirýol ulaglary arkaly ýurdumyzyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna we Türkiýe Respublikasyna ugratmaklyk meýilleşdirilýär. Bu gatnaw döwletimiziň iň esasy logistika merkezleriniň biri bolan Etrek stansiýasynda ýükleme-düşürme işlerini ýerine ýetirmek arkaly amala aşyrylar. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Etrek demirýol stansiýasynda ýükleme-düşürme işlerini has-da çaltlaşdyrmak maksady bilen wagondan wagona göni amal arkaly geçirme tehnikasy gurnalyp, gutaryş işleri alnyp barylýar. Türkiýeden we Eýrandan gelýän üçünji döwlete degişli bolan ýükli wagonlar bu tehnikalar arkaly GDA-y döwletleriniň wagonlaryna geçirilip gatnawyny dowam eder. Hyzmatyň esasy maksady GDA-y döwletleriniň wagonlarynyň dolanşygyny artdyrmak, teker jübütlerini çalşmaklygy azaldar. Bu ýük daşamalarynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň operator bolup çykyş etmeginde Etrek stansiýasynyň ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgelerini has netijeli ulanmakda ähmiýeti mundan beýläk hem ýokarlanar.