TULM Türkiýeden Özbegistana ugran ilkinji ekspres otlynyň gatnawyna ýardam edýär

Paýlaşylan wagty: 27 , 2021

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýeden Özbegistana ugran 25 sany 40 futlyk konteýnerli ilkinji ekspres otlynyň gatnawyna ýardam edýär.

Bu otly şu ýylyň 10-njy aprelinde Türkiýe döwletiniň Stambul şäheriniň Bogazköpri menzilinden ugrady. Konteýnerli otlynyň düzümi 21-nji aprelde “Teýmur Ahmedow” fider gämisinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowuşdy.

Bu gatnawy TULM Azerbaýjan demirýollarynyň “ADY Container” kärhanasy bilen bilelikde amala aşyrýar.

Konteýnerli ekspres otlynyň 3 müň 692 km aralygy 460 sagatda geçmegini meýilleşdirilip, talaplary doly ýerine ýetirildi. Şonuň Türkmenistanyň çägi boýunça “Türkmenbaşy porty – Farap” bölegi 1170 kilometre deňdir, we bu ýoly demir ýol geçelgesi boýunça jemi 81 sagatda başarnykly geçildi. Türkmenistanyň çägine gelen üstaşyr konteýnerleriň TULM tarapyndan ähli resmi amallary amala aşyrylyp, wagonlarda demir ýol ulagy arkaly Özbegistanyň Ürgenç şäherine ugratmak işleri ýerine ýetirildi.

Gelejekde TULM ähli konteýnerleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynda ýygnap, ekspres otly düzümi hökmünde Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly goňşy döwletlere üstaşyr ugratmagy meýilleşdirýär.