Hytaýdan iň uzyn konteýner otly ilkinji gezek Türkmenistana gelýär

Paýlaşylan wagty: 26 Noýabr, 2020

Mundan iki hepde Ozal Hytaýyň Sindao şäherinden ýola düşen kerwende her biri 40 putluk konteýnerleriň 48-si bar. Altynkol — Bolaşak aralygyny geçen otly şu gün Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhetýaka nokadyna geldi. Jemi 8780 kilometr ýoly geçjek otly 11-nji sentýabrda soňky barmaly nokadyna — Änew şäherine baryp ýeter. «Türkmenistanyň Ulag we logistika merkezi» bu hyzmaty «KTZ Express» paýdarlar jemgyýetiniň we «Türkmen Ak Ýol» hojalyk jemgyýetiniň ýardam bermeginde amala aşyrdy. Hytaýdan Hazar deňzine çenli uzaýan şeýle gatnawlar 2014-nji ýyldan bäri yzygiderli amala aşyrylýar. Otly bilen ýük getirmek hem amatly, hem arzandyr. Ýük 12 — 15 günüň içinde ýurdumyza gelýär.