Özbegistan we Owganystan Yslam Respublikasyna tiz zaýalanýan ýükleri ýörite doňduryjy konteýnerlerde demir ýol arkaly üstaşyr geçirildi.

Paýlaşylan wagty: 15 , 2021

Biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin bu babatda «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça milli düzümi has-da giňeltmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi.

Aýratyn-da «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan iýun aýynda Lapis Lazuli ugry boýunça Türkiýe we Gruziýa döwletinde Owganystana üstaşyr konteýner gatnawlarynyň gerimini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Gelejekde bu ugurda aýlyk 5000 tonna çenli konteýnerlerde ýükler daşamaklyk göz öňüne tutulýar.

Ýene-de bellemeli wajyp zatlaryň biri hem 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 10-12-si aralygynda Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň üsti bilen Özbegistan we Owganystan Yslam Respublikasyna tiz zaýalanýan ýükleri ýörite doňduryjy konteýnerlerde demir ýol arkaly üstünlikli bellenen wagta laýyklykda üstaşyr geçirildi. Et önümden ybarat bolan bu ýörite doňduryjy konteýnerler ýurdumyzyň üstaşyr geçelgesinden ilkinji gezek geçirildi. Toplumda işleriň barha ilerlemegi bilen ýöriteleşdirilen konteýnerlar bilen daşalýan ýükleriniň sanyny geljekde has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar.