Lapis Lazuli Ylalalaşygy boýunça "Ýeke-täk logistika merkeziniň" döredilmegi

Paýlaşylan wagty: 09 , 2021

"Türkmenistanda döwlet serhet gullugynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek" býudjetden daşary taslamanyň çäginde, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag gecelgesinde, ýagny Lapis Lazuli Ylalalaşygy boýunça, "Ýeke-täk logistika merkeziniň" döredilmegi esasynda demirýol we awtoulag gatnaw harytlary üçin serhetden geçmegi aňsatlaşdyrmak boýunça onlaýn okuw gurnady. Onlaýn okuwy 2021-nji ýylyň 2-4-nji iýunynda geçirildi. Bu okuw, Lapis Lazuli ulag geçelgesinde mümkin boljak "Ýeke-täk logistika merkezi" düşünjesiniň taslamasyny hödürlemegi we okuw wagtynda gatnaşyjylar bilen ara alyp söhbetdeşlik gurnamak maksat edildi. Okuwda gatnaşyjylarynyň teklipleri we düşündirişleri bilen " Ýeke-täk logistika merkezi" düşünjesiniň taslamasy taýýarlandy we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylaryna gözden geçirmek üçin tabşyryldy. Jenap Aleksandr Zaboýew – ýük gatnawyny ýeňilleşdirmek we birikdirmek boýunça okuwyny geçirdi. "Türkmenistanyň Ulag we Logistika Merkezi" AGPJ-niň wekili Daşary ykdysady aragatnaşyklar we şertnamalar bölüminiň başlygy Aýmyrat Şiriýew "Harytlary multimodal gatnawda daşamagyň tejribesi" mowzugynda çykyş etdi.