TULM Gruziýadan Özbegistana ugran konteýner otlusynyň gatnawyna ýardam edýär

Paýlaşylan wagty: 15 , 2021

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gruziýanyň Poti portundan Özbegistanyň paýtagty Daşkende ugran konteýner otlusynyň gatnawyna ýardam edýär. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşirine TULM duşenbe güni maglumat berdi. TULM-dan başga-da, Poti – Daşkent otly gatnawynyň demir ýol operatorlary bolup Gruziýanyň “GR Logistics and Terminals”, Azerbaýjanyň “ADY Container” hem-de Özbegistanyň “Uzbektemiryulekspeditsiya” (Özbek Demirýol ekspedisiýa) kompaniýalary çykyş edýärler. Bu otly Ýewropa Bileleşiginde öndürilen alýumin senagat önümleri bilen ýüklenen 58 sany 40 futlyk konteýnerden ybaratdyr. Konteýnerler Baku portuna gelenden soňra, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna fider gäminiň üsti bilen iberiler. Soňra bolsa konteýner otlusy demirýol arkaly Türkmenistandan Özbegistana ugradylar. Bu taslamanyň çäginde Gruziýa bilen Özbegistanyň arasynda 200 konteýner daşalar. “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2018-nji ýylyň iýul aýynda döredildi. TULM-yň döredilmeginiň maksady Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakdan, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam bermekden hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ugradyjydan alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmekden ybaratdyr.