Poçta ulgamyny giň gerimli ösdürmek işleri amala aşyrylýar

Paýlaşylan wagty: 15 Oktýabr, 2021

Oktýabr aýynyň 5-inde “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-i işjeň gatnaşmagynda,“Türkmenpoçta” PAK-sy we Türkiýe Respublikasynyň “Poçta we Telgraf guramasy” PJ-i arasynda poçta ulgamyny giň gerimli ösdürmek we özara tejribe gazanmak maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, wideoaragatnaşyga gatnaşyjylara jemgyýetimiz giňişleýin tanadyldy, ýurdumyzda “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň Ulag we logistika ulgamynda eýeleýän möhüm ornunyň ähmiýetiniň her geçen günde artýandygy bellenip geçildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapyndan ençeme soraglara we pursatlara gyzyklanma bildirildi.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-i “Poçta we telegraf guramasy” kompaniýasy bilen Türkmenistan-Türkiýe hem-de Türkiýe-Türkmenistan ugrunda poçta gatnawlaryny rejeli amala aşyrmak üçin “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň üsti bilen gatnatmagy teklip berildi, we bu teklip myhmanlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-i “Poçta we telegraf guramasy” kompaniýasy bilen poçta gatnawlaryny amala aşyrmak üçin şertnama baglaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklary barada aýtdylar we şol sanda “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-i myhmanlara ýüzlenip, gelejekde has üstünlikli işler amala aşyrmak üçin mahabat we beýleki hyzmatlarda iş salyşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşyk däbe öwrülen dostlukly hoşniýetli gatnaşyklary esasynda işewürlikli we işjeň ýagdaýda geçdi.