Türkmenistandan Hytaýa iberilen ilkinji konteýner otly

Paýlaşylan wagty: 26 Noýabr, 2020

Ýakynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 45 sany konteýnere ýüklenilen kaliý dökünleri ýurdumyzyň Kelif demirýol bekedinden Hytaý Halk Respublikasynyň Sindao portuna ugradyldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär. Garlyk Kaliy dag-magdan toplumyndan ilkinji gezek ugradylan bu konteýner kerweni Gazagystan Respublikasynyň üsti bilen 9688 kilometr ýoly, takmynan, 15 günüň dowamynda geçip, HHR-niň Sindao portuna baryp ýeter. Kaliý dökünleri ýüklenen şeýle uly kerwen Türkmenistandan daşary ýurtlara ilkinji gezek eksport edildi. Toplumda işleriň barha ilerlemegi bilen türkmen kalisiniň eksportyny geljekde has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar. Habarymyzyň rus dilindäki görnüşinde kerweniň Gazagystan Respublikasyna baryp ýetendigi aýdylýar. Bu barada habarda «Gazak demir ýollarynyň» metbugat gullugyna salgylanylýar.