«Ulag diplomatiýasy» ugruna degişli fakultatiw okuw maslahaty geçirildi

Paýlaşylan wagty: 06 , 2021

Häzirki döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup Ulag diplomatiýasy çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde «Ulag diplomatiýasy» ugruna degişli ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda fakultatiw okuwlar ýokary derejede geçirilýär. Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde tassyklanan meýilnamalara laýyklykda «Türkmen Logistika» Аssosiasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda fakultatiw okuw sapaklary alnyp barylýar hem-de olaryň netijeleri boýunça merkeziň diňleýjileri tarapyndan nutuklar, prezentasiýalar taýýarlanylýar. 2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň «Ulag diplomatiýasy» ugry boýunça fakultatiw okuw sapagynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň Marketing bölüminiň wekili Rahman Seýitliýew «Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar ulag-üstaşyr geçelgäni döretmek hakynda Aşgabat Ylalaşygynyň ähmiýeti» atly tema boýunça diňleýji talyplaryň arasynda özara çekişme (debat) sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Talyplar üçin okuw maslahaty örän täsirli boldy.